Daśary ÿurtlarda okap öÿlerine dolanyp gelen talyplar üçin!
"Ýene gaýdyp geldim dogduk diýara"
Ýene gaýdyp geldim dogduk diýara,
Ýyldyza baý asmanyma gowuşdym.
Gussa bilen bakyp söwüt, çynara.
Saýasynda goşawuçlap suw içdim.
Çagalygymyň gulpaklyja gyzlary,
Höwürtgesin taşlapdyrlar bireýýäm
Hany, nirede o ýyllaryň yzlary,
Şol yzlary yzlap geldim, eý obam!
Bu ýerde ahmyrym, ökünjimem ýok,
Ýöne näme üçindir bilip bilemok,
Çagalyk yzlaryn, tanyşlaryňy,
Jepalar çekseň-de, unudyp bolanok.
Unudyp bolanok ertekilerini,
Säherler çyg düşen ýaşyl otlaryn.
Aýagyňa batan awy tikenini,
Saňa baş bermedik tez-tez atlaryn.
Sen ýylda gaýdýarsyň dogduk diýara,
Onuň sada görmeginden doýaňok.
Çagalygyňa duş geläýmek hyýalyň,
Emma ondan daşlaşýanyňy duýaňok.
Sen uly şähere dolanýaň ýene,
Bu ýerde dostlaryň, iş-aladaň kän.
Çykýarsyň şowhunly köçelerine,
Köçeler, kiosk, bildiriş, dükan.
Onsoň ýene gussa bilen ýatlaýaň,
Telwas edýäň çygly atyzdyr pele.
Şeýdip, her ýyl geçmişiňe gatnaýaň,
Sen şol geçmişiňden daşlaşmak bile.
23 Hazıran 2018